ZEHINZ 应用
Magrupy 1.0.0
Magrupy Ahalda dogulýar we ýemreli türkmenleriniň magruflartoparyndandyr. Harby maşgaladan, serdarlar neslinden bolupdyr. Arapwe pars medeniýeti, ylymy we edebiýaty bilen çuň tanyş. Ahal –Eýran we Ahal – Hywa harby gatnaşyklarynda uly figura. Magrupytekeleriň Ahala iýnmesi bilen öz ýemreli taýpasyna goşulyp, AhaldanMara, soň Amyderýa boýy bilen Horezme barýar, Köneürgençde ýaşaýar.Harby söweşlere gatnaşyp, Eýran feodallaryna ýesir düşýär, 6-7 ýylbendilikde ýaşaýar. Onuň Yspyhan, Töwrizde bolany çak edilýär. OlMagtymguly, serkerde Döwletýar, şahyr Gaýyby bilen dostlukdaýaşaýar. Liriki şygyrlara ussat. Milli epiki žanr Magrupynyň adybilen bagly. Nezireçilikde "Seýpelmelek–Methaljemal" dessanynyýazýar. "Döwletýar" eserini taryhy planda ýazýar. "Ýusup-Ahmet"ajaýyp milli nusgadyr. Onuň dowamy hökmünde "Aly beg we Baly beg"eserini taslaýar.Milli edebi hereketde ol Magtymgulynyň ýany bilen ýöreýär.
Zelili 1.0.0
Zelili gökleň taýpasynyň gerkez tiresindenbolup, Gürgen topragynda dogulýar. Etrek we Gürgendäki mekdeplerdeokaýar. Tanymal şahsyýetler Azady onuň babasy bolup, Magtymgulyonuň da ýysydyr. Alym we şahyrlar kowmy Zelilide ylma we şygrahyjuw oýarýar. Arap we pars edebiýaty we ylmy onuň düşünjesinibaýlaşdyrýar. Gürgen we Etrek edebi sredasynda tiz tanalýar.1816-njy ýylda Hywa hany Muhammetrahym han Gürgene ýöriş edýär wegökleňleriň uly bölegini ýesir edip, Hywa sürýär. Zelili şolýesirler bile Hywa düşýär, 6-7 ýyl onda galyp, 1822-1823-njiýyllarda Etrege dolanyp gelýär. Zelili we Seýdiniň alşan hatlaryedebiýatda täze žanry emele getirýär. Zelili başda Magtymgulynyňwepadar şägirdi bolup, soň ol uly klassyk bolup ýetişýär. Onuň yşkywe sosial poeziýasy bar, ol halky we juda şahyrana. Onuň bütingoşgulary diýen ýaly türkmeniň halk aýdymyna öwrülipdir. Zelilihakda birnäçe monografiýa ýazyldy. Onuň kitaplary dowamly çapedilýär.Zelili hak aşyk we pidakärligiň simwolydyr.
Mollanepes 1.0.0
Nepes Kadyrberdi Maryda, wekilleriň ýazytaýpasynda dogulýar. Kakasy ulama bolup, ogly Nepesi ilki Maryda,soň Buhara medresesinde okadýar. Pars dili Hysrow Dehlewini,Rumyny, Hafyzy bilmek üçin açar bolýar. Ol Nowaýy, Fuzuly,Saýýadynyň poeziýasyna uýýar. Milli poeziýa onuň halkylyk ölçegi.Poeziýada bu şahyryň öz hususy çeperçilik manerasy kemala gelýär.Söz we saz sungaty – keramat, gyz – gözelligiň simwoly. Joşgunlyromantik Nepes simwoliki obraza baý. Nezireçilikde Nepes Saýýadynyňderejesine ýetýär. Mary–Hywa, Mary–Eýran, Saragt hady salarynda ulyalym Nepesiň roly bolupdyr. Ahal hany Garaoglan han onbegi, MarydaGowşut han we başga serdarlar Nepese aýratyn hormat besläpdir.Mary–Şahy–Jahan özunde Nepes ýaly bir şahsyýetiň ýaşany üçinöwünmäge hakly. Yşk onuň poeziýasynyň baş leýtmotiwi. Türkmen aşykwe magşuklarynyň gizlin hatlarynda Nepesiň şygyrlary ýazylýar."Zöhre–Tahyr" dessany ýatdan aýdylýar. Ol bütin Türküstanda judameşhur.Nepesi bizde YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY hasaplaýarlar.
Seýitnazar Seýdi 1.0.0
Seýdi Lebap boýunda, Garabekewüliň Lammaobasynda dogulýar. Ol Lebap we Buhara medreselerini geçýär.Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we millipoeziýa birikýär. Şol wagtda Buhara merkezi bolan "Diwan"poeziýasyny çuň özleşdirýär. Nowaýy (Hyrat) we Fuzuly (Kerkuk)mekdebi oňa ýat däl. Hatyja – yşky poeziýany, Buhara agalygynagarşy göreşler söweşjeňlik poeziýasyny oýarýar. Syýasatdamilli-azatlyk aýdymçysy. Tebigaty serkerde bu şahyr käteSoltannyýaz begiň täsirinde bolýar. Poeziýa onuň söweş gimnleridir,ýöriş surnaýydyr. Buharanyň hüjümleri Seýdini gözel Lebapdan aýryp,Mara tarap kowýar. Ol Mary-Hywa gepleşiklerinde uly figura. Mary weMaşat gatnaşyklarynda-da Seýdi görünýär. Onun poeziýasy, birtaýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalymedýär. Real söweşjeňlik ruh we anyk taryhy material bu poeziýadahas aktiw. Seýdiniň "Diwanynyň" bir göçürme nusgasy mälim.
Mätäji 1.0.0
Mätäji Aşgabadyň eteginde, gür baga bürenipoturan Köşi obajygynda dogulýar. Onuň kakasy Amanmuhammet, öz adyAnnagylyç, lakamy Mätäjidir. Heniz ösdürimkä mekdebi tiz geçýär,soň öz-özünden okap ösýär. Nowaýy, Meşrep, Fuzuly onuň edebimekdebi. Milli poeziýasy bilen ilki Ahaly, soň ülkäni aýdyma garkedýär. Özi sazyň muşdagy, dosty Hally bagşy onuň ähli şygyrlarynyaýdyjy we ýaýradyjy. Mätäji Eýranda ýesirlikde bolýar we soň Ahaladolanyp gelýär. Metäji, megerem, Baýly we Kätibi bilen dost, Dykmaserdar, Nurberdi han, Gurbanmyrat işan bilen tanyş hem gatnaşykly.Onuň ömri tragediýadan doly: ýaşlykda söýgülisini aldyrýar, soňEýranda ýesirlikde, soň Russiýa we Ahal tragediýasy döreýär. Olhemişe öz söz sungaty bilen çykyş edýär. Mätäjiniň ogly Molladurdy,agtygy Myrat şahyrlyk sungatynyň şeýdasy. Mätäji şahyrlardinastiýasynyň patriarhy.Mätäji saz bilen sözüň tebigi berikmesidir.
Kemine 1.0.0
Şahyr Saragtda, togtamyşlaryň wekil, onuň-daýusuplar diýen böleginde dogulýar. Ol urugçylyk döwründe ilkiSaragtda, soň Maryda, köplenç Hywada taglym alýar. Medreselerdetürk, pars we arap taryhyny, medeniýetini we edebiýatyny öwrenýär.Onuň kuwwatly akyly jemgyýeti sosial öwrenmeklige itekleýär.Şabende, Talyby we Nepes munuň dostlary we pikirdeşleri. OlMagtymgulynyň edebi mekdebiniň dowamçysy, Maryda Nepesiň talantynyilki açyjy. Ol Sagdynyň, Ependiniň, Zakanynyň we Muşfigiň satirasybilen berk tanyş. Döwrüniň Oraz han ýagly, Garaoglan han onbegi,hatda ýaş Gowşut han bilen tanyşlygy çaklanylýar. Onuň poeziýalirikasy tutuşlygyna diýen ýaly halk aýdymyna öwrülipdir. KeminäTürküstanyň Hoja Nasretdin Ependisi diýýärler. Kemine we Äraly pirikisiniň töweregi şorta sözleriň uly topary bilen gurşalgy, Keminetürkmeniň gülki hazynasy, Kemine diýen at türkmeni hemişe ýylgyrdypgöýberýär. Şahyryň Welmämmet atly ogly şahyr bolan. Keminäniňnesilleri Murgap jülgesinde ýaşap ýörýärler.Keminäniň galamynda lirika we satira utgaşýar.
4 surat 1 söz 0.1.0
★★★★★ ILKINJI TÜRKMEN OÝUNY ★★★★★Bu oýunda size 4 sany surat görkezilýär, siz bolsa şu suratlarybirleşdirýän sözi tapmaly.Oýun 4 albomdan we 164 sany turdan ybaratdyr. Başda 10 sany turaçyk durýar we her geçilen tura derek 1 täze tur açylýar.Oýun gyzyklylygy we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Oýunyň özene dilimizde bolmagy bolsa has-da ýakymlydyr.★★★ OÝNAŇ WE LEZZET ALYŇ!!! ★★★Bilmedik soraglaryňyzy line, vkontakte, odnoklassniki ýaly ýerlerdepaýlaşyp, çözüp bilersiňiz!
Näme ýetenok? 1.03
Maşgala bolup wagty gyzykly we peýdalygeçirmek üçin iň gowy oýunlaryň biridir, üstesinede oýun enedilimizde. Ýagny bu oýunda görkezilýän suratlarda nämäniň kemdiginibilmäge synanyşmaly. Eger sorag bilinse 1 teňňe köpelýär. Teňňeleribolsa kömekçi serişdeler üçin ulanyp bolýar. Garaz gyzykly...Oýun 8 derejeden we 150-ä golaý soragdan ybarat bolup, her soragýokary hilli suratlar bilen bezelendir.Teňňe gutardymy gynanma, TMCELL we MTS nomerleriň kömegi bilen pulgeçirip, oýunda teňňe satyn alyp bolýar.Oýun size ýarar diýip umyt etýäris. Hoş wagtyňyz.ZEHINZ ;)
Bagşyny tana 2 1.15
Ildeşlerimiziň arasynda uly meşhurlyga eýebolan Bagşyny tana oýnumyzyň 2-nji bölümini garşy alyň!Bu oýunda 200-den gowrak dünýä belli bagşylar, reperler, türkmen,türk, rus we arap bagşylary bolup, siziň olary tanap bilmekukyplaryňyz barlanýar. Eger siz aýdym-saz, sungat bilen gyzyklanýanbolsaňyz, bu oýun bilen wagtyňyzy hoşal geçirip bilersiňiz.Oýun göwnüňize ýarar diýip umyt etýäris.ZEHINZ
Gül Jahan - Магазин Цветов 1.0.1
Наш интернет магазин Gül-Jahan предлагает Вамцветы и флористические услуги только высшего качества. Мывнимательно контролируем логистику и сроки доставки каждого букета.У нас работает команда профессиональных флористов, которые подберути составят яркий букет на любой вкус и случай. Заказать можете какпо телефону, так и через удобную форму на сайте. Если Вы не нашлиинтересующую Вас товар, мы будем рады удовлетворить Ваши пожеланияв индивидуальном заказе по телефону. И главное, индивидуальныйподход, это не значит дорого!Our online storeGül-Jahan offers you flowers and floral services of the highestquality. We closely monitor the logistics and delivery time of eachbouquet. We have a team of professional florists, who will pick upand make a colorful bouquet for every taste and occasion. Order caneither by phone or via the convenient form on the website. If youcan not find the goods you are interested, we will be happy toaccommodate your wishes in an individual order over the phone. Andmost importantly, an individual approach, it does not meanexpensive!
Markany tana 1.03
Bagşyny tana, Näme ýetenok we 4 surat 1sözoýunlarynyň döredijisi ZEHINZ-den täze oýun!Bu oýunda dünýä belli markalar bilen bir hatarda 8 ýap,Elin,Täze aý, Hasar ýaly türkmen markalary hem goşulandyr. Buoýunsosial oýun bolup, dostlaryňyz bilen bilelikde oýnasaňyzhas-dagyzykly bolar.Wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!!!
4 surat 1 söz 2016 1.01
★★★★★ ILKINJI TÜRKMEN OÝUNY ★★★★★Bu oýunda size 4 sany surat görkezilýär, siz bolsa şusuratlarybirleşdirýän sözi tapmaly.Oýun gyzyklylygy we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Oýunyňözene dilimizde bolmagy bolsa has-da ýakymlydyr.★★★ OÝNAŇ WE LEZZET ALYŇ!!! ★★★Bilmedik soraglaryňyzy line, vkontakte, odnoklassniki ýalyýerlerdepaýlaşyp, çözüp bilersiňiz!
Saglyk (Türkmen dilinde) 1.0
Gadyrly dostumyz we joramyz! www.saglyk.org girdeji üçindöredilenbaşlangyç däl-de, eýsem Türkmen köpçüliginiň saglyk,sagdyn durmuşbaradaky bilimini we düşünjesini gowulandyrmak weartyrmak,köpçülige adam saglygyna, daşky gurşawa degişli meselelerbabatdaöz pikirlerini beýan etmäne mümkinçilik bermek missiýasybilendöredilendir. Şeýle-de saýt dürli ýurtlarda ýaşap turkmendilindegepleýän we şeýle kynçylyklar babatda aladalanýan adamlarbilenhyzmatdaşlyk açmagy göz oňünde tutýar. Programma türkmendilinde.Biziň esasy maksadymyz seniň maşgalaňyň we tutuş jemgyýetiňsaglykýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berjek döwrebap weygtybarlymaglumatlary saýlap, olary sada dilde okyjylarymyzaýetirmekdenybaratdyr.